Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti saýlandy


Düýn Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň göçme maslahatynda Akademiýanyň prezidenti wezipesine Gurbanmyrat Mezilow saýlanyldy.

Ylymlar Akademiýasynyň baş alym-sekretary wezipesine Hekimow, fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar boýunça bölüminiň akademik-sekretary wezipesine Esedullaýew, medisina, biologiýa we oba-hojalyk ylymlary boýunça bölüminiň akademik-sekretary wezipesine bolsa Annagulyýew dagylar saýlandylar.

Düýn ýurduň Ylymlar Akademiýasynyň köpsanly beýleki ylmy bölümlerine-de ýolbaşçylar tassyklanyldy.

Şeýle-de, umumy maslahatyň karary bilen, Hekimow Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademikligine, Mezilow, Esedullaýew we Annagulyýew dagylar bolsa habarçy-agzalygyna kabul edildiler.

Düýn Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Ylymlar Akademiýasynyň umumy maslahatynyň bu kararlaryny öz goly bilen tassyklady.
XS
SM
MD
LG