Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni DIM-i: “Türkiýe bilen gatnaşyklar ýaramazlaşmagy mümkin”


Şu gün Ermenistanyň daşary işler ministri Edward Nalbandýan Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýakynlaşmak prosesiniň Ankaranyň günäsi bilen gaýtadan ýaramazlaşmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Jenap Nalbandýanyň bu çykyşynyň öňýany, şu hepde Türkiýe bilen Ermenistan ikitaraplaýyn ylalaşyklarda birek-biregi artykmaç şert goýmaklykda aýyplap, çykyş etdiler.

Geçen ýylyň oktýabrynda bu iki ýurduň hökümeti Birinji Jahan urşy ýyllaryndan bäri dowam edip gelýän özara duşmançylygy ýeňip geçmekligi maksat edinýän özara ylalaşyklara gol çekipdiler. Ýöne bu hökümetara ylalaşyklar bu iki ýurduň parlamentleri tarapyndan indi tassyklanylmaly.
XS
SM
MD
LG