Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň polisiýasy giň gerimde operasiýalary ýola goýdy


Şu gün Türkiýäniň polisiýasy Al-Kaýda terror guramasy bilen baglanyşyklydyr diýlip güman edilýän toparlara garşy ýurduň dürli regionlarynda giň gerimde operasiýalary ýola goýdy.

«Anadoly» habar agentliginiň maglumatyna görä, şeýle operasiýalar şu gün Türkiýäniň 16 prowinsiýasynda ýola goýlupdyr.

Turkiýedäki NTV hususy telekanaly bu reýdleriň barşynda häzirki wagt prowinsiýalaryň 14-sinde azyndan 120 töweregi adamyň tussag edilendigini habar berýär.

Şu hepdäniň başynda hem ýurduň käbir şäherlerinde şuňa meňzeş operasiýalar amala aşyrylypdy.
XS
SM
MD
LG