Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Durdyyev däl-de Durdiyev!


Türkmenistan garaşasyz döwlet bolanyna şu ýyl 19 ýyl dolýar. Göräýmäge az möhlet hem däl. Bu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan halkara hukugynyň dürli ugurlary bilen gatnaşyklara girdi.

Ýeterlik tejribe toplamaga–da wagtyň bolandygyny hem aýdyp bolar. Emma pudaklaryň köp ýerlerinde entek tejribe toplamak aňyrda dursun, eýsem öňden gelýän ylmy kada-kanuna gabat gelýän düzgünleri hem saklap bilmeýärler. Şeýle mysallary Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işinde görse bolýar.

2008-nji ýyla çenli Türkmenistanda 1993-nji ýylda girizilen raýatlyk pasportlary bilen ýurduň daşyna çykyp bolýardy. Şol pasport bilen Türkmenistanyň daşyna çykanyňdan soň, başyňa agyr hupbatlar inýärdi. Uçardan düşüp serhet geçelgesine geleniňde, seni mejbury iliň soňuna saklaýardylar. Soňra migrasiýa inspektory saňa öliň soraglaryny ýagdyrýardy – name üçin siziň pasportynyzda onuň berilen möhleti barda gutarýan wagty ýok? Ýa-da name üçin siz pasportdaky suratyňyza meňzemeýärsiňiz – we başga-da şuňa meňzeş soraglar berilýärdi. Eger-de sen daşary ýurt dilini bilseň, ony düşündirmäge çalyşýan. Оl hem aňsat düşmeýär. Nesibäňe Türkmenistanyň pasportyny gören tejiribeli inspektora gabat gelseň, onda bagtyň çüwýär, sen kynçylyk görmän serhet geçelgesinden geçýäň. Türkmen ýa rus dilinden başga dil bilmeseň, onda seni ýörite otaglara getirýärler we rus dilini bilýän terjimeçi gelýänçä saklaýarlar. Käwagtlar onuň möhleti ýarym güne-de ýetýär.

Ine şu kynçylyklary çekip gelýän Türkmenistanyň raýatlary öňki SSSR-e girýän döwletleriň hatarynda ilkinjileriň biri bolup halkara standartlaryna gabat gelýän biometrik pasportlaryny 2008-nji ýylyň aýagyndan alyp başladylar. Bu täze pasportda ähli möhletler görkezilen, hat-da dünýä derejesinde täze girizilen eliň barmak yzlaram görkezilýär, ol hem daşary ýurtlarda okaýan ya-da işleýän türkmen raýatlarynyň wizalaryny uzaltmak uçin görýän birnäçe kynçylyklaryndan halas edýär.

Adam eli bilen goýberilýän kemçilikler

Göräýmäge hemme zatlar ugrugan ýaly görünse-de, entek adam eli bilen goýberilýän kemçilikler köp. Olaryň esasylarynyň biri hem pasportda görkezilýän raýatyň ady we familiýasynyň ýazylmagynda göýberilýan gödek ýalňyşlyklar.

Türkmen elipbiýsinde gelýän birnäçe harplar (ý, ö, ü, ä, ň) iňlis elipbiýsinde ýok. Halkara düzgünine görä, daşary ýurt pasportlary bolsa iňlis dilinde, ýagny iňlis harplarynda görkezilmeli. Şol kada hemme döwletlere degişlidir. Emma Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy ony özüçe düzgünleşdirýär. Eger-de öňki pasportyň birinji sahypasynda türkmençe ýazylan adyň we familýaň näçe harpdan gelse ýa-da ý, ö, ü, ä, ň harplary bilen ýazylan bolsa, onda ony iňlis elipbiýsindäki meňzeş harplar bilen ýazýarlar. Mysal üçin Çaryýew, türkmen familiýasyny Caryyew ýa-da Aýlyýew – Aylyyev, Baýlyýew – Baylyyev, Alyýew – Alyyev, Durdyýew – Durdyyev ýaly görnüşlerde ýazýarlar. Aslyýetde iňlisçe ýokardaky familiýalar şeýle düzgünde ýazylmaly:

Çaryýew – Chariyev
Aýlyýew – Ayliyev
Baýlyýew – Bayliyev
Alyýew - Aliyev
Durdyýew - Durdiyev


Bu ýerde bir sorag ýüze çykýar. Raýatlaryň adyny türkmen migrasiýa gullugynyň işgärleriniň ýazyşy ýaly edilende näme kynçylyklar bolup bilýär? Eger-de migrasiýa gullugynyň oýlap tapan düzgüni bilen pasportlar ýazylyp berilse, onda ol raýatlaryň atlarynyň iňlisçe okalşy nädogry bolýar. Ol hem daşary ýurtlarda okaýan we işleýän türkmen raýatlarynda uly kynçylyklary döredip bilýär.

Ilki bilen bank hasaplaryny açanyňda ýa-da şol ýurtlaryň resmi iş kagyzlaryny alanyňda, dogulyş şahadatnamaňyň, ýokary bilim baradaky diplomynyň, orta mekdebi gutaranlygyň baradky şahadatnamanyň esasynda kagyzlar resmileşdirilýär. Eger-de şol resmi kagyzlardaky bir harpyň pasportyňdakydan üýtgeşik gelse, onda saňa uly kynçylyklar garaşýar, ýagny saňa islän resmi kagyzlaryňy ýa-da bankdaky hasabyny açman, bermän bilerler. Bu hem, elbetde türkmen migrasiýa gullugynyň geleňsizligi bilen bolup durýar. Arada horlanýan hem kösenýän türkmen raýaty bolup durýar.

Herki ýagdaýdan çykalga bolşy ýaly bu meseläniň hem çözgüdi bar. Häzir türkmen migrasiýa gullugynda ýaş hem dil sowady pes ýaşlar işleýärler. Olar iňlis däl, eýsem türkmen diliniň hem grammatikasynyň gurluşyny doly bilmeýärler. Şol sebäpli, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň daşary ýurt dilleri kafedrasynda, türkmen raýatlarynyň adynyň we familiýasynyň iňlisçe dogry we doly ýazylşyny resmi tassyklatmaly we şondan soň raýatlaryň atlaryny taze biometrik pasportyna girizmeli. Eger şeýle praktika ýola goýulsa onda raýatlaryň atlarynyň we familiýalarynyň ýazylşynda ýalňyşlyklar goýberilmez. Bu hem daşary ýurda syýahada, okuwa we işe gidýän türkmen raýatlaryny düş gelýän kynçylyklardan dyndyrardy.

Parahat Ilmyradow Türkmenistanyň raýaty. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG