Sepleriň elýeterliligi

HTTU-nyň futbol komandasy «Rubinden» utuldy


GDA we Baltika döwletleriniň futbol boýunça çempion komandalarynyň arasynda geçirilýän ýaryşyň ýarym finalynda düýn Türkmenistanyň çempiony Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň ýygyndy komandasy Orsýetiň «Rubin» komandasyndan 0:4 hasap bilen utuldy.

Ýöne, muňa garamazdan, sport boýunça käbir synçylar bu çempionatyň iň güýçli dörtlüginiň hataryna giren Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň ýygyndy komandasynyň ussatlygyna ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň bu futbol komandasynyň treneri Ýazguly Hojageldiýew hem öz komandasynyň oýunçylarynyň görkezen başarnyklaryndan özüniň hoşaldygyny aýtdy.

Bu ýaryşyň finalynda ertir Orsýetiň «Rubin» komandasy Gazagystanyň «Aktobe» komandasy bilen duşuşar.
XS
SM
MD
LG