Sepleriň elýeterliligi

Gaiti halas ediş işlerini togtadýar


Birleşen Milletler guramasy şu gün Gaitiniň hökümetiniň 12-nji ýanwardaky ýer yranmadan soňky alnyp barylýan gözleg we halas ediş işleriniň togtadylmagy barada karar kabul edendigini habar berdi.

12-nji ýanwarda 7 ball güýjünde ýüz beren ýer yranmasy Gaitide uly ýykan-ýumrançylyklary döretdi.

Gozleg we halas ediş işleriniň barşynda ýykylan jaýlaryň harabalyklarynyň astyndan 132 adam diri çykaryldy.

Hökümet resmileri bu tebigy heläkçilikde ölen adamlaryň sanynyň 100 müňden hem geçýändigini çaklaýarlar. Ýer yranmada Gaitiniň 1.5 million töweregi ýaşaýjysy öýsüz-öwzarsyz galdy.
XS
SM
MD
LG