Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda demir ýol heläkçiligi boldy


Şu gün Eýranyň döwlet telewideniýesi ýurduň Maşad şäherinden Tährana barýan ýolagçy otlusynyň ýoldan çykyp, agdarylmagy netijesinde azyndan 7 adamyň ölüp, 12 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Ýurduň resmileri heniz halas ediş işleriniň dowam edýändigini bellemek bilen, ölenleriň we ýaralananlaryň sanynyň häzirkisinden has hem köp bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.

Bu transport heläkçiliginiň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG