Sepleriň elýeterliligi

Obama Ýokary suduň kararyndan nägile


Şu gün Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň Ýokary sudunyň syýasy kampaniýalara çäksiz möçberde maliýe ýardamlarynyň berilmegine ýol açýan kararyndan özüniň nägiledigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň hepdelik radiosynda eden bu baradaky çykyşynda prezident Obama syýasy kampaniýalara biznesler we biznesmenler tarapyndan berilýän maliýe ýardamlaryndaky çäklendirmeleri aradan aýyrmaklygyň ýurduň demokratik sistemasyna ýaramaz urgudygyny belledi.

Ýatladyp geçsek, hepdäniň penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Ýokary sudy syýasy kampaniýalara berilýän maliýe ýardamlar babatynda ozalky bar bolan çäklendirmeleri bütinleý aýyrmak barada karar kabul etdi.
XS
SM
MD
LG