Sepleriň elýeterliligi

Türkmen parlamentindäki boş orunlar doldurylar


Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň parlamentinden çykan üç sany deputatyň orny üçin 24-nji ýanwarda ýurduň üç saýlaw okrugynda täze saýlawlar geçiriler.

Hususan-da, şeýle saýlawlar Ahal welaýatynyň 21-nji, Balkan welaýatynyň 37-nji hem-de Daşhowuz welaýatynyň 44-nji saýlaw okruglarynda geçiriler.

Ýone parlamentden bu üç deputatyň çykmagynyň anyk sebäpleri barada welin, hiç hili maglumat berilmeýär.

Köp synçylar Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň parlamentinde erkin garaýyşlara we diskussiýalara ýol berilmän gelinýändigini belleýärler.
XS
SM
MD
LG