Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda birnäçe kadrlar çalşygy amala aşyryldy


nna güni Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň giňişleýin maslahatyny geçirdi hem-de birnäçe kadrlar çalşyrylyşygyny amala aşyrdy.

Hususan-da, prezidentiň permany bilen, işinde goýberen kemçilikleri üçin Orazgeldi Esenow Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesinden boşaldy we onuň ornuna Meretgeldi Berdiýew bellenildi.

Şirmuhammet Suwhanow hem Ahal welaýatynyň polisiýa uprawleniýesiniň başlygy wezipesinden boşadylyp, Aşgabat şäheriniň polisiýa uprawleniýesiniň başlygy wezipesine bellenildi, onuň ozalky wezipesine Ahal welaýatynyň polisiýa uprawleniýesiniň başlygy edilip bolsa, Begli Arslanow bellenildi.

Şeýle hem, düýn prezidentiň permany bilen, Batyr Saparow milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary wezipesine, Berdimuhammet Rejepow bolsa, içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Mundan daşary, düýn prezident Berdimuhamedow işlerinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin medeniýet we tele-radiogepleşikler ministri Gulmyrat Myradowa hem-de onuň orunbasary, Türkmen telewideniýesiniň Baş edarasynyň başlygy Şadurdy Alowowa berk käýinç yglan etdi.
XS
SM
MD
LG