Sepleriň elýeterliligi

Gaitidäki ýer titremeden 11 gün soň bir adam diri tapyldy


Gaitiniň paýtagty Porto-o-Prensede aýylganç ýer titremeden 11 gün geçenden soň, halas edijiler bir ýaş ýigidi kesegiň aşagyndan diri tapdylar.

Düýn ýurduň hökümeti halas ediş işleriniň bes edilýändigini resmi yglan edenden soň ýaňky waka boldy.

Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen halas edijiler 132 adamy diri tapdylar.

Soňky resmi maglumatlara görä, bu tebigy betbagçylykda 111 müň gowrak adam heläk bolupdyr.

Indi ýerli häkimiýetleriň we halkara gumanitar missiýanyň tagallalary diri galanlara kömek bermäge hem epidemiýanyň ýaýramagynyň önüni almaga gönükdiriler.
XS
SM
MD
LG