Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky 1979-daky zamun krizisinde Kanada ABŞ bilen hyzmatdaşlyk edipdir


Kanadanyň Eýrandaky öňki ilçisi Kennet Teýlor 1979-njy ýylda zamun almak bilen bagly krizis döwründe ABŞ-nyň Merkezi razwedka uprawleniýesi bilen hyzmatdaşlyk edendigini 30 ýyl gowrak wagt mundan öň bolan wakalar baradaky kitabynyň çykmagy bilen bagly Kanadanyň “Glob and Meýl” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Diplomatyň sözlerine görä, Eýran paýtagtynda bolýan wakalar baradaky maglumatlary Merkezi razwedka uprawleniýesine bermek barada ylalaşyga ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Jimmi Karter bilen Kanadanyň öňki premýer-ministri Jo Klarkyň arasynda gelnipdir.

1979-njy ýylyň noýabrynda eýran studentleri ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasyna hüjüm edip, 60 adamy zamun alypdy. Amerikalylaryň köpüsi 444 günläp ýesirlikde bolupdy.
XS
SM
MD
LG