Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda TU-154 uçary gonuş wagtynda ýandy, 46 adam ýaralandy


TU-154 ýolagçy uçary Eýranyň Maşat şäheriniň aeroportuna gonjak bolanda, 46 adam ýaralanypdyr. Bu barasynda Eýran telewideniesine salgylanmak bilen Günbatar agentlikler habar berýär.

Uçar ýere gonjak bolanda onuň guýruk bölegi ýandy. Uçarda 170 ýolagçy bar eken.

Ol uçaryň ýurduň içindäki gatnawy amala aşyrandygy habar berilýär.

Rosawiasiýanyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, uçar Orsýetiň awiakompaniýasyna degişli bolup, deslapky çaklamalara görä, ýüküniň agyrlygy hem howa şertleri ýangyna sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG