Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky parlament saýlawlary soňa süýşürildi


Owganystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli 22-nji maýa bellenen parlament saýlawlaryny 18-nji sentýabra geçirmek kararyna geldi.

Kabulda bolan metbugat konferensiýada çykyş edip, saýlaw komissiýanyň agzasy Fazel Ahmet Manawi şeýle kararyň kabul edilmegine howpsuzlyk we tehniki üpjünçilik ýaly meseleleriň çözülmändiginiňem sebäp bolandygyny aýtdy.

Owganystanda saýlawlaryň möhletiniň soňa süýşürilmegini Günbatar soýuzdaşlary makulladylar, çünki sentýabr aýyna çenli owgan häkimiýetleri saýlawlarda galplyklary aradan aýyrmak üçin saýlaw kanunçylygyny reforma edip ýetişer.
XS
SM
MD
LG