Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçlerini ösdürmegiň programmasy hödürlendi


Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň çap eden maglumatyna görä, 22-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk sowetiniň maslahatynda ýurduň ýaragly güýçleriniň baş komanduýuşisi, prezident G.Berdimuhamedow 2015-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçlerini ösdürmegiň programmasyny hödürledi.

“Bu möhüm dokumentiň kabul edilmegi Goranmak ministrliginiň düzüminde milli Harby-deňiz güýçlerini döretmek boýunça uly jem jogapkärli işiň başlangyjy bolar”-diýip, Türkmenistanyň prezidenti aýtdy.

Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçlerini döretmek meselesi ilkinji gezek 2009-njy ýylyň awgustynda Döwlet howpsuzlyk sowetiniň maslahatynda gozgalypdy.
XS
SM
MD
LG