Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Bin Ladeniňki diýilýän sesiň asyl nusgadygyny tassyklamaýar


Birleşen Ştatlar Al-Kaýda lideri Usame Bin Ladeniň sesi diýlip efire berlen ýazgynyň hakykatdan hem şoňa degişlidigini anyklap bilmändigini aýdýar.

Bu ses ýazgysynda Kristmas güni Detroýta barýan amerikan uçaryny partlatmaga edilen synanyşyk taryplanýar.

Ol ses düýn irden Al-Jazira telewideniýesinde eşitdirildi. Onda Bin Ladeniňki diýilýän ses Birleşen Ştatlara köp hüjümiň boljagyny aýdyp haýbat atýar.

Ak tamyň geňeşçisi Deýwid Akselord bir telekanaldaky çykyşynda özüniň bu sesiň asyl nusgadygyny tassyklap bilmejegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG