Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejat býujetde nebite garaşlylygyň az boljagyny aýdýar


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat döwletiň ýyllyk býujetinde Eýranyň nebit girdejisine garaşlylygynyň kemeldilmegine aýratyn üns berlendigini aýtdy.
Mehr we ISNA habar gululklary tutuş býujetiň 368 milliard dollar çemesi boljagyny habar berdiler.

Ahmedinejat döwlet gaznasyna nebitden gelýän girdejilere garaşlylygy kemeltmek bilen nädip býujeti ýokarlandyryp boljagyny anyk aýtmady.

Eýranyň umumy girdejisiniň 80 prosent çemesi nebit söwdasyndan gelýär.

Eýranyň hökümeti harytlaryň bir toparyna döwlet subsidiýalaryny ýatyryp, gelýän 3-4 ýylda 100 milliard dollary tygşytlamakçy bolýar.
XS
SM
MD
LG