Sepleriň elýeterliligi

HRW Eýrandaky ýagdaý «adam hukuklary krizisi» diýýär


HRW-yň resmisi öz guramasynyň Dubaýda geçiren metbugat ýygnagynda çykyş edip, «Eýranda saýlawdan soň turan gozgalaň doly manysynda adam hukuklary krizisi» diýdi.

HRW bu ýygnagy özüniň «2010-njy ýyl boýunça dünýä hasabatynda» Orta Gündogar ýurtlaryna bagyşlanan sahypalara ünsi çekmek üçin geçirdi.

Guramanyň 20-nji ýanwarda çap edilen hasabatynda «Eýranyň Rewolýusiýa goragçylary, Basij milisiýasy we polisiýasy 12-nji iýunda geçirilen dawaly prezident saýlawlaryndan soň, tankytçylary gorkuzmak we närzalygy basyp ýatyrmak üçin müňlerçe protestçini we aktiwisti eden-etdilikli ýagdaýda tussag etdi» diýilýär.
XS
SM
MD
LG