Sepleriň elýeterliligi

Tomsklylar žurnalistiň tussagda ölmegine protest bildirýär


Sibiriň Tomsk şäheriniň birnäçe ýüz ýaşaýjysy žurnalist Konstantin Popowyň polisiýanyň tussaghanasynda ölendigi üçin protest demonstratisýasyny gurnady.

Popow 4-nji ýanwarda içgilidigi üçin tussag edilýär we polisiýanyň tussaghanasynda erbet ýenjilip, huşsuz halda hassahana eltilýär.

Ol 20-nji ýanwarda özüne salnan ýaralardan heläk boldy. Tomskly protestçiler «Gözegçilikden daşardaky milisiýa garakçylardan hem erbetdir» diýen şygary depelerinde göterip, ýerli polisiýa «utanç» diýip gygyrdylar.

Tomskiniň polisiýa başlygy hem Popowa sütem eden milisioner işden aýryldy. Ol milisioner adam ölümine getiren hereketi sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.
XS
SM
MD
LG