Sepleriň elýeterliligi

Bolgar ministriniň Owganystana sapary raketa bilen garşylandy


Bolgariýanyň goranmak ministri Owganystanda öz ýurdunyň esgerleriniň gulluk edýän ýerine baran wagty harby baza raketa okuna tutuldy.

Kandahardaky harby baza edilen hüjüm mahalynda bolgar esgerleriniň dördüsi ýaralandy.

Habarlara görä, raketa Bolgariýanyň goranmak ministri Nikolaý Mladenow bilen onuň delegasiýasynyň 200 metr golaýyna gelip düşüpdir. Resmileriň hiç biri ýaralanmandyr.
XS
SM
MD
LG