Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: “YouTube milisiýasy” tussag edildi


«YouTube» internet saýtynda ýerleşdirip, jemgyýetçiligiň ünsüni çeken Alekseý Dymowskiý.
«YouTube» internet saýtynda ýerleşdirip, jemgyýetçiligiň ünsüni çeken Alekseý Dymowskiý.

Orsýetiň hukuk goraýjy organlarynda giň ýaýran korrupsiýa problemasy barada öz wideo çykyşlaryny «YouTube» internet saýtynda ýerleşdirip, jemgyýetçiligiň ünsüni çeken Alekseý Dymowskiý hepdäniň anna güni tussag edildi.

Hukuk goraýjy organlardaky korrupsiýa barada «YouTube» internet saýtynda öz wideo çykyşlaryny ýerleşdirip, uly meşhurlyk gazanan orsýetli milisiýa ofiseri Alekseý Dymowskiý anna güni maliýe galplyklarynda hem-de wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanylyp tussag edildi.

Geçen ýylyň ahyrynda Alekseý Dymowskiniň Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putine ýüzlenip, milisiýadaky korrupsiýa barada internetde ýerleşdiren bu wideo ýüzlenmesi halkara habar serişdeleriniň üns beren esasy wakalaryndan birine öwrülipdi.

Orsýetiň Baş prokuraturasy hepdäniň anna güni Alekseý Dymowskiniň özüniň maliýe galplyklarynda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanylyp, tussag edilendigini mälim etdi.

Baş prokuraturanyň aýtmagyna görä, bu bildirilýän aýyplamalarda günäli tapylsa, Alekseý Dymowskä 10 ýyl türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Dymowskiniň aklawçysy Sergeý Gubar Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Orsýetiň häkimiýetleriniň Dymowskiniň özüni abraýdan gaçyrmaga we ony adaty bir kezzap hökmünde gorkezip, onuň eden açyk ýüzlenmelerini hem ähmiýetsiz bir zat edip görkezmäge çalyşýandyklaryny aýtdy.

«Özleriniň şu günki hereketi bilen, ýagny Alekseý Dymowskini tussag etmek bilen, häkimiýetler milisiýanyň hatarynda galan beýleki sagdyn pikirli adamlara-da haýbat atýarlar. Ýagny, olar şeýtmek bilen, sizem sistema garşy göreşseňiz, siziňem boljagyňyz şudur diýip, duýduryş berýärler. Bu bolan waka bütinleý bikanunçylykly işdir» diýip Gubar aýdýar.

Milisiýa işgärlerini aýyplapdy

Orsýetiň günortasyndaky Noworossiýsk şäherinde milisiýanyň maýory bolup işlän Alekseý Dymowskiý «YouTube» internet saýtynda ýerleşdiren ençeme wideo çykyşlarynda milisiýa işgärleriniň yzygiderli ýagdaýda faktlary galplaşdyrmak, şeýle hem her aýda ýokardan berilýän normalary ýerine ýetirmek üçin bigünä adamlary tussag etmek ýaly işler bilen meşgullanýandyklaryny öňe sürüpdi. Şeýle-de ol milisiýa edaralaryndaky iş şertleriniň ýaramazlygyndan we aýlyklaryň azlygyndan şikaýat edipdi.

Alekseý Dymowskiý özüniň bu çykyşlaryny internete ýerleşdirmeginden kän wagt geçmänkä, wezipesinden boşadyldy. Noworossiýsk şäheriniň ýerli milisiýa edarasy bolsa, bu bildirilen aýyplamalar boýunça özüniň derňew geçirendigini we Alekseý Dymowskiniň bildiren aýyplamalaryndan hiç biriniň tassyk bolmandygyny öňe sürdi.

Emma Orsýetdäki ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Alekseý Dymowskiniň bildiren aýyplamalarynyň ýerliklidigini we milisiýa işgärleriniň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmalary hem-de para almaklary ýaly jenaýatçylyklaryň ýurtda giň ýaýrandygyny tassyklaýarlar.

Orsýetli ozalky prokuratura işgäri Wladimir Wolkow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Alekseý Dymowskiniň milisiýa edaralaryna bildirýän aýyplamalarynyň bu edaralara degişli jenaýatçylyklaryň ýüzüni açmak üçin edilen örän ýuzleýje synanyşykdygyny aýdýar.

Geçen ýylky wakalar

Geçen ýylyň aprel aýynda Moskwanyň bir milisiýa bölüminiň ofiseri Denis Ýewsýukowyň şäheriň bir söwda merkezinde üç adamy atyp öldürmegi we ýene alty adamy-da ýaralamagy bilen baglanyşykly bolan wakadan soň milisiýanyň üstünden gözegçilik has güýçlendi.Şol wakanyň yz ýany Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwa şäheriniň içeri işler bölüminiň başlygyny wezipesinden boşatdy.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Orsýetiň Burýat respublikasynyň Içeri işler ministri Wiktor Sýusýura bilen onuň orunbasary ýuwelir söwdasyndaky kontrabanda işlerine dahyllylykda aýyplanylyp, tussag edildi. Şol aýda-da Tuwa regionynda bir milisiýa işgäriniň öz kärdeşini atyp öldürip, soňra-da öz janyna kast etmeginiň yzy bilen prezident Medwedew Tuwa regionynyň içeri işler bölüminiň ýolbaşçysy Wiktor Lesnigi wezipesinden boşatdy.

Geçen hepdäniň çarşenbe güni Orsýetiň Tomsk şäherinde žurnalist Konstantin Popow milisiýa edarasynda sorag edilende, urlup-enjilmeden soň aradan çykdy. Bu waka bilen baglanyşykly hem bir milisiýa işgäri tussag edildi. Köp sanly şular ýaly ýaramaz wakalar Orsýetiň milisiýasynyň abraýynyň gitdigiçe pese gaçmagyna sebäp bolýar.
XS
SM
MD
LG