Sepleriň elýeterliligi

Birmaly lider Su Kyi türmeden azat ediler


Birmanyň tussaglykda saklanýan oppozision lideri Aň San Su Kýiniň noýabr aýynda öý tussaglygyndan azat ediljekdigi aýdylýar.

Bu habary Birmanyň içeri işler ministri General Mauň Oowyň ýerli ýolbaşçylaryň ýakynda geçirilen ýygnagynda eden çykyşynda öňe sürenligi aýdylýar.

Bu maglumaty garaşsyz çeşmelerden tassyklatmak başartmady. Emma ýygnaga gatnaşan iki wekiliň aýtmagyna görä, bu habar Kaýukpdawň etrabynda bolan ýygnakda öňe sürülipdir.

Ady agzalýan etrap paýtagt Ýangonyň 560 kilometer uzaklygynda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG