Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Weýran bolan efiýopiýaly uçaryň 20 ýolagçysynyň jesedi tapyldy


Liwanyň paýtagty Beýrutyň aeroportundan uçan we Efiýopiýa Howaýollaryna degişli uçar Ak deňiziň howa giňişliginde weýran boldy.

Bu uçaryň ýolagçylaryndan 20 adamyň jesedi tapylypdyr.

Liwanyň prezidenti Mişel Suleýman bu waka bilen bagly öz administrasiýasynyň alyp barýan işleri barada şu gün habarçylara maglumat berdi.

“Liwanyň hökümetine degişli ähli guramalar bu heläkçilige uçran adamlary halas etmek barada elinden gelenini aýamaýarlar. Bu bir tragediýadyr. Biz şol uçaryň ýolagçylary we olaryň maşgala agzalary üçin dileg edýäris” diýip, Liwanyň prezidenti aýtdy.

Uçarda 90 töweregi ýolagçy bar eken. Olaryň köpüsi efiýopiýaly we liwanly bolup, olaryň arasynda Britaniýanyň, Fransiýanyň, Kanadanyň, Orsýetiň, Yragyň we Syriýanyň hem raýatlarynyň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG