Sepleriň elýeterliligi

ÝB Gaitini, Owganystany, Bosniýany maslahatlaşýar


Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bildt: "Owganystandan harbylaryň çykarylmagy baradaky strategiýa dogrusynda haýsydyr bir gepleşik Talyplaryň bähbidine bolar."

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bildt: "Owganystandan harbylaryň çykarylmagy baradaky strategiýa dogrusynda haýsydyr bir gepleşik Talyplaryň bähbidine bolar."

Ýewropa Bilelşiginiň Ösüş boýunça komissary Karel de Gucht Gaitä sapary barada maglumat berer. Bileleşigiň ýokary derejeli wekili Katerina Aşton ABŞ-nyň we BMG-niň geçiren sapary hakynda çykyş eder.

Bileleşik millionlarça ýewro pul kömeginiň ýany bilen tertip-düzgüni goramak maksady bilen Gaitä polisiý güýçlerini-de ibermekçi. Bu işleriň sazlaşygyna Fransiýa esewan eder.

Gaitide düzgüni ornaşdyrmak maksady bilen BMG 1000 bilen 1500 aralygyndaky polisiýa esgerleriniň gerek boljagyny aýdýar, ýöne Balkanlara hem Owganystana esger iberen döwletler bu işe onçakly isleg bildirip duranoklar. Bu bolsa Ýewropa Bileleşigine öz maksadyna ýetmekde kynçylyk döredip biler.

Gaitiniň ýany bilen Owganystan meselesi hem maslahat ediljek. 28-nji ýanwarda Londonda Owganystana ýardam berýän döwletleriň konferensiýasy açylýar. Diplomatlar Ýewropa Bileleşigi üçin bu konferensiýada ýurtda demokratiýany ösdürmek, hökümeti gowy görnüşde dolandyrmak, adam hukuklaryna hem-de milli azlyklaryň hukugyna hormat goýmak barada beren sözünde tapylmagyny talap edip, Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaýa basyş görkezmäge Londonda gowy bir pursatyň döräp biljegini aýdýarlar.

Owganystan we Päkistan meselesi

Geçen güýzde Ýewropa Bileleşigi Owganystan hem Päkistan üçin bir hereket planyny taýýarlapdy. Şonda ÝB sebitde öňde durýan meseleler, şol sanda syýasy sazlaşygy döretmek, polisiýa güýçlerini türgenleşdirmek, halkara ýardamlar boýunça tagallalary koordinirlemek merkezi we ýerli häkimiýetleri güýçlendirmek, neşeden gelýän girdejä alternatiw ykdysady çeşmeleri döretmek ýaly işler durýar.

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bildt Brýussele baranda Owaganystandan harbylaryň çykarylmagy meselesine degip geçip, şeýle diýdi: «Men
Men haýsydyr bir çykyş möhletiniň gözleginde däl, biz muny dura-bara amala aşyrmaly.
haýsydyr bir çykyş möhletiniň gözleginde däl, biz muny dura-bara amala aşyrmaly. Harby çärelerden başlap, tä graždan hem syýasy çärelere çenli hemmesi ýerine ýetirilmeli. Bu bolsa, gysgaça aýdanyňda, diýseň ähmiýetli. Ýöne Owganystandan harbylaryň çykarylmagy baradaky strategiýa dogrusynda haýsydyr bir gepleşik Talyplaryň bähbidine bolar».

Şonuň ýaly-da Londonda 27-nji ýanwarda Ýemen bilen bagly maslahat ediljek, şonda Ýemeniň hökümetine goldaw bermek we terrorizme garşy göreş dogrusynda pikir alşyljak.

Eýranyň ýadro programmasy-da günüň tertibinde durýar. «Eger-de Tähran ýadro programmasy barasyndaky maksadyna aýak direse, onda oýlanyşykly, ýerlikli hem dogry kabul ediljek sanksiýa täsirli bolar» diýip, ýokary derejeli wekil Aşton aýdýar.

Sişenbe güni irden Bileleşigiň Serbiýanyň we Gazagystanyň wekilleri bilen boljak özara duşuşygyna Ispaniýanyň Daşary işler ministri Angel Moratinos ýolbaşçylyk eder.
XS
SM
MD
LG