Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ýewropada sowukdan onlarça adam öldi


Häkimiýetler şu aý gündogar we günorta-gündogar Ýewropada bolan gazaply sowugyň onlarça adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Rumyniýanyň käbir ýerlerinde gije sowuk minus 35 gradusa golaýlady.

Bu ýurduň saglyk ministrligi soňky bäş günde sowuk sebäpli 22 adamyň ölendigini aýtdy.

Belarusyň paýtagtynda şu aýyň başyndan bäri öýsüz adamlaryň 10-sy doňup ölüpdir.

Polşanyň polisiýasy hepde ahyrynda 11 adamyň sowukdan ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG