Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Sarkozi Owganystana täze goşun ibermejegini aýdýar


Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi düýn, Owganystana berilmeli kömek, şol sanda goşmaça goşun ibermek meselelerini ara alyp maslahatlaşjak halkara konfrensiýasyndan üç gün öň bu ýurda goşmaça esger ibermejegini aýtdy.

Sarkozi TF1 telewideniýesine interwýu berip, «eger ol ýerde tälim bermek, polisiýanyň öz işini ýola goýmagyna, ilata ýardam üçin adam kömegi gerek bolsa, baş üstüne» diýdi. Ýöne ol bu ýurda söweş esgerlerini ibermejegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG