Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda bolan üç partlamada azyndan 37 adam öldi


Merkezi Bagdatda bolan üç sany uly partlama şäheri sarsdyrdy. Olarda azyndan 37 adam ölüp, 70-den gowrak adam ýaralandy.

Bir bomba Iştar Şereton hoteliniň agzynda partlady.

Ikinji bomba yrak syýahatçylarynyň bolýan we käte hökümet duşuşyklary üçin ulanylýan Wawilon hoteliniň golaýynda partlady.

Üçünji bomba Hamra hotelinde, köp sanly daşary ýurt žurnalistleriniň bolýan ýerinde partlady.

Içeri işler ministrliginiň adyny aýtmadyk resmisi bu partlamalaryň ählisiniň ulag bombasy bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG