Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýa – milli betbagtçylyk


Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski.
Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski.

Ýurduň kopçülikleýin habar serişdeleri Türkmenistanda pajarlap ösen parahorluk hakynda dil ýarmaýar. Gazetleri okasaň, teleradio gepleşikleri diňleseň, tomaşa etseň para almak we para bermek ýaly ýaramaz hadysalar biziň aramyzda ýok ýaly bolup görünýär.

Emma hakykat ýüzünde bu ugurdan ýagdaý çendenaşa erbet, bu ýaramaz hadysa jemgyýetiň ähli gatlaklaryna ymykly ornaşyp, indi milli betbagtçylyga öwrülip barýar. Eger-de hökümet başynda oturan ketdeler korrupsiýanyň bardygyny resmi ýagdaýda boýun alyp, bu belanyň garşysyna aýgytly hem hemmetaraplaýyn gaýduwsyz göreş alyp barmasalar, onda ýurdumyzyň, halkymyzyň gelejegi uly howpuň astyna düşjegi ikuçsyz.

Halkara mediadan eşitdiler

Dünýäde parahorlugyň iň ösen döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň «mynasyp» orun eýeleýändigini ildeşlerimiz halkara habar beriş serişdesinden bilip galdylar. Ýöne muňa geň galanlar az boldy. Sebäbi halkara media Türkmenistanda korrupsiýaň näderedjede ösenligini bu hadysany ýörite öwrenýän halkara guramalaryň maglumatlaryna salgylanyp getirdi. Şol maglumatlaryň hakyky durmuşdan alnandygyna türkmenistanlylar göz ýetirdiler.

Parahorluk durmuşyň ähli ugurlarynda bar. Berilýän paranyň mukdary dürli pudaklarda dürli-dürli. Mysal uçin, işsizligiň ösen ýeri bolan Daşoguz welaýatynda bir gurluşyk edarasyna ýönekeýje işçi bolup işe girjek bolsaň, azyndan iki aýlyk hakyňdan geçmeli. 300-500 dollar bermeseň, seni hiç kim ýönekeý işçi edip işe almak baradaky buýruga gol çekmez.

Korrupsiýanyň çuňlugy

Bu belanyň garşysyna göreşmeli edaralara işe girjek bolsaň, şolara para bermeli. Şular ýaly düşewüntli, belli bir derejede ygtyýarlyklar berýän edaralara işe girjjek bolsaň, paranyň möçberi ýüzläp däl-de, müňläp dollar bilen hasaplanýar. Döwlet bähbidininiň we kanunlaryň goragynda duranlar para-peşgeş alýan bolsa, ýurdumyzyň gelejegi neneňsi bolar?

Ýokary wezipelerde oturyp, mesele çözýän ýolbaşçylar parany diňe täze işe girjeklerden däl, öňden bäri işläp ýörenlerdenem alýarlar. Edara başlygyna, mekdep direktoryna, hat-da çagalar bagynyň müdirine iki aýdan ýa-da ýarym ýyldan bir gezek berip durmasaň şol edarada, mekdepde ýa-da çagalar bagynda işlemek agyrlaşýar. Edara ýolbaşçysy dürli-dürli bolugsyz bahanalar bilen para bermedik işgärine azar berip ugraýar. Mekdep direktory, mysal uçin, para bermedik mugallymyň okuw sagatlaryny kemeltmek bilen bolýar, çagalar bagynyň müdiri doglan gününe sowgat getirmedik terbiýeçä ýa-da enekä yrsarap başlaýar.

Bilim sistemasynda, saglygy saklaýyşda para bermek, para almak indi bir adaty ýagdaýa öwrüldi. Para alýan bölüm müdirler, baş lukmanlar hem mekdep direktorlary öz gezeginde ýokarda oturan başlyklaryna para berýärler we özlerine sylagdyr her hili hormatly atlary gazanýarlar.

Daşoguzdaky wakalar

Bu babatda Daşoguz şäherindäki mekdepleriň biriniň direktory, mekdep mugallymlarynyň aýtmaklaryna görä, arada ogluna gelin edinmek üçin Mary welaýatynda birleri bilen guda bolup, 45 million manat galyň geçiripdir. Emma öýlenjek ýigit bilen durmuşa çykjak gyzyň arasynda bir zadyý üstünde oňuşmazlyk peýda bolup, netijede ýigit gyzy urup-ýenjipdir. Şeýlelik bilen, bolmaly toý bozulypdyr. Mekdep direktorynyň guda bolan ýeri galyň hökmünde alan puluny gaýtaryp bermändir.

Bu agyra çydamadyk direktor mekdebiň her bir mugallymyndan 400 müň manat getirip bermegi talap edipdir. Mugallymlaryň aglabasy sagatlaryny ýitirmejek bolup, aýdylan puly direktora elinje getirip beripdirler. Şeýlelikde mekdep direktory ýeliň ygyna giden pulunyň öwezini dolupdyr.

Tabynlygyndaky mugallymlardan we mekdebiň tehniki işgärlerinden her baýramçylyga, özüniň doglan gününe bahasy 250 dollardan kem bolmadyk kostýum jalbar almany öwrenen mekdepleriň biriniň direktory welaýat baş bilim müdürligindäki oturan ketdelere muzduny berip, mundan birnäçe ýyl öň «Şäheriň iň oňat mekdep direktory» diýen ady aldy, häzir bolsa Daşoguz şäheriniň «Nowruz» mikroraýonynda gurulýan täze multimedialy mekdebe direktor bolmak üçin meseläni çözýän adamlary görüp, olar bilen gürleşip ýör-diýip, bu işlerden habarly adamlar gürrüň berdiler.

Korrupsiýa hukuk hem kanun goraýan gurluşlara, bilim, saglygy saklaýyş we beýleki sistemalara ymykly ornaşan bolsa, bu belanyň garşysyna göreş alyp barmak has-da çylşyrymlaşýar. Iliň depesinden inen, jemgyýeti, ahlagy ýumrup barýan bu nägehanyň garşysyna ýokary derejede baş galdyran tapylmazmyka?

Şatlyk Öwezow daşoguzly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG