Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-a garşy myş-myşlar nireden çykdy?


Kämahal ýer yranma bolýar, ýöne onuň bilkastlaýyn döredilendigi baradaky teoriýa ynanýan bolsaňyz, onda, adatça, bu işde ABŞ-nyň gizlin harby ýaraglarynyň rolunyň bardygyny çak etse bolar.



12-nji ýanwarda Gaitide bolan ýer yranmasyna Amerikan harbylarynyň sebäp bolandygy baradaky ideýanyň öňe sürülmegi geň galdyranok, ýöne näme üçin dünýä möçberinde oňa üns berilýändigi sorag bolup durýar.

18-nji ýanwarda Wenesuelanyň “Vive” TV telekanalynyň internet saýtynda Orsýetiň demirgazyk flotunyň hasabatyna salgylanyp, bir maglumat berlipdir. Şonda ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň ýarag synagynyň Gaitidäki heläkçilige sebäp bolandygy öňe sürülýär.

Telekanalyň internet saýtynda şonuň ýaly-da 9-njy ýanwarda Demirgazyk Kaliforniýanyň golaýyndaky Eureka şäherçesinde bolan ýer yranmasyna-da Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň sebäp bolandygy habar berlipdir. Şol ýer yranmasynda adam pidasy bolmady. Ýene şol ady agzalan raportda, hamana, ýaragyň ösdürlip, geljekde Eýrana garşy ediljek hüjüm üçin synalandygy öňe sürüldi.

Şondan biraz soňra Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes telewideniýede çykyş edip, şol raporty gaýtalady. Çawesiň bu çykyşyna Orsýetiň «Russia Today» (Orsýet şu gün) atly telekanalynda analiz berildi: «Wenesuelanyň lideri Ugo Çawes Birleşen Ştatlary ýene bir gezek Hudaý bilen oýun edýänlikde aýyplady, ýöne bu gezek Gaitidäki weýrançylykly ýer yranmasynyň arkasynda ABŞ-nyň bardygyny çaklaýandygyny öňe sürdi. Ispaniýanyň “ABC” gazeti Çawese salgylanyp, ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň Gaiti adasyndaky güýçli ýer titremä sebäp bolan haýsydyr bir ýaragy ulanandygyny ýazdy. Bu gezek onuň diňe türgenleşik maksadynyň bolandygyny, ahyrky maksadynyň bolsa Eýrany ýok etmekdigini aýtdy” diýip, Russia Today maglumat berdi.

Bu telekanal Gaiti barada habar berende, Amerika garşy dürli temalary, şol sanda krizisden peýdalanyp, Waşingtonyň Gaitini basyp almaga synanyşýandygy dogrudaky pikiri-de öňe sürýär.

Eýranyň mediasynda hasam güýçlendirilýär

Beýle garaýyş Eýranyň mediasynda hasam güýçlendirilýär. Eýranyň Press TV telekanaly 23-nji ýanwarda beren bir habarynda ABŞ-nyň günorta güýçleriniň komandiri we Gatitidäki halas ediş toparyna ýolbaşçylyk eden general-leýtenant Ken Keeniň ýer titreme bolan wagty Gaitide ýörendigini öňe sürdi.

Bu habardan netije çykaryp, Press TV Birleşen Ştatlaryň haýsydyr bir täze super ýaragynyň synagynyň Gaitä ýetirip biljek agyr hem gorkunç zyýanyny ýerinde barlamak maksady bilen bu generalyň wakadan öň ol ýere iberilendigini öňe sürdi hem-de bu habary Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň habar beriş serişdeleriniň, şol sanda “Fox News” we RT telekanllarynyň alyp göterendigini mälim etdi. Ýöne “Fox News” Çawesi tankytlaýan gepleşik berdi.

Ýöne hakykatyň hatyrasyna, bilkastlaýynlyk teoriýasynyň tarapdarlary ýer titremesini döretmek üçin tektonik, ýerasty ýarag ulanylýar diýen temany öňe sürmegi halaýarlar diýip, Russia Today aýtdy.

Olar muňa mysal hökmünde diňe 2002-nji ýylda Gürjüstanda bolan ýer yranmasynda Orsýetiň aýyplanmagyny mysal edip görkezýärler: «Tektonik, ýagny ýerasty ýaragyň bardygy asla subut edilmedik, bilkastlaýynlyk teoriýasyny öňe sürýänler şeýle ýaragyň bardygyny güman edýärler. Mysal üçin, Gürjüstanyň ýaşyllar partiýasy Orsýeti 2002-nji ýylda bu ýurduň territoriýasynda bolan yer titremä sebäpkärlikde aýyplapdy» diýip, Russia Today tassyklady.

Ýöne Wenesuela, Orsýet we Eýranyň arasyndaky giňeýän gatnaşyklary has hem berkitmek üçin öňe sürülýän şeýle ideýalaryň gowy teoriýa öwrülmegine kim ýol berer?

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG