Sepleriň elýeterliligi

Ystambulda Owganystan boýunça ýörite maslahat geçirildi


Şu gün Türkiýäniň Ystambul şäherinde regionyň birnäçe döwletiniň liderleriniň gatnaşmagynda Owganystan meseleleri boýunça ýörite maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar talyp söweşijilerini ýaraglaryny taşlamaga höweslendirmek üçin olara ýörite ykdysady ýardamlary bermek barada prezident Hamyt Kerzeýiň öňe süren planlaryny goldadylar. Maslahatyň ahyrynda bu plany goldaýjy ýörite umumy bir beýanat hem kabul edildi.

Ystambuldaky bu maslahata Türkiýäniň premýer-ministri bilen birlikde, Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzaý, Päkistanyň prezidenti Asif Aly Zardari, şeýle hem Eýran, Orsýet, Hytaý we Täjigistan ýaly käbir beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli resmileri hem gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG