Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ukrainaly milletçä «Ukrainanyň gahrymany» diýen adyň berilmegini ýazgarýar


Şu gün Orsýetiň hökümeti Ukrainanyň prezidentiniň Ikinji Jahan urşy ýyllarynda köp parahat ýaşaýjylary öldürmekde aýyplanylýan ukrainaly milletçi Ostap Bendere «Ukrainanyň gahrymany» diýen ady bermegini ýazgaryp çykyş etdi.

Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Ostap Benderiň ýolbaşçylygyndaky Ukrainanyň milletçi goşunlary sowet hem-de nemes goşunlaryna garşy göreş alyp barypdy.

Käbir gözli şaýatlar we arhiw materiallary Ostap Benderiň ýolbaşçylygyndaky milletçi güýçleriň Ukrainanyň territoriýasynda örän köp parahat ilatyň wekillerini öldürendigine şaýatlyk edýärler.
XS
SM
MD
LG