Sepleriň elýeterliligi

logo-print

«Amnesty International» Rumyniýany aýyplap, beýanat ýaýratdy


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy «Amnesty International» guramasy Rumyniýanyň häkimiýetlerini bu ýurtdaky sygan maşgalalaryny öýlerinden zor bolup göçürip, olary wagtlaýyn wagonlarda ýaşamaga mejbur edýänlikde aýyplap, beýanat ýaýratdy.

Bu baradaky beýanatynda «Amnesty International» guramasy sygan maşgalalarynyň şular ýaly zor bilen göçürilmekleriniň ýurduň kanunçylygyna we ynsan hukuklary baradaky halkara borçnamalaryna garşy gelýändigini aýdýar.

Şeýle hem, gurama bu çäreleriň Rumyniýada ýerli syganlara garşy milletçilik tendensiýalarynyň has-da artmagyna meçew berýändigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG