Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Belarusda dokumentler toplumyna gol çekdi


Düýn prezident Berdimuhamedowyň Belarusa saparynyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara degişli dokumentler toplumyna gol çekildi.

Bu dabara wagtynda köpsanly beýleki dokumentler bilen birlikde, türkmen-belorus hökümetara komissiýasy barada, şeýle-de bu iki ýurtda berlen alymlyk derejelerini, çinleri we bilim baradaky dokumentleri kabul ätmek barada hem ylalaşyklara gol çekildi.

Düýn Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow öz saparynyň dowamynda Minsk şäherinde Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hatyrasyna gurlan «Ýeňiş» monumentine gül goýdy.
XS
SM
MD
LG