Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler "Twitter" saýtyna köp girerler


"Twitter" saýty soňky döwürde ýaşlaryň iň köp agza bolýan saýtlarynyň biri hasaplanýar. Bu saýta agza bolmak mugt hem aňsat.

Internet ulanyjylary "Twitterdäki" öz saýtlaryna islendik habary we maglumaty mobil telefon arkaly ýerleşdirip bilýärler. Ýöne iberilýän maglumatlar 140 sany harp ýa-da bellik bilen çäklenýär.

"Twitter" saýty käbir habarlary we maglumatlary bermekde hatda halkara habar agentliklerinden hem öňde. Meselem, Ukrainadaky prezidentlik saýlawlaryndaky sesleriň netijeleri barada ilki başda "Twitterde" okamak mümkindi.

Türkmenistanda "Twitter" saýty geljekde has köp ulanylmagy mümkin diýlip çak edilýär. Sebäbi Türkmenistanda 1 milliondan gowrak adam mobil telefon ulanýar.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan "Ýaşlar" programmasynda "Watan goraýjylarynyň güni" barada hem-de Türkmenistanda uly binalar, şol sanda ýokary okuw jaýlarynyň täze binalarynyň gurulmagynyň ýaşlara iş hem-de okuw orunlaryny döredip biljekdigi barada maglumat berilýär.

Bu baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG