Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistanda ykdysady aç-açanlyk ýola goýulmaly"


Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Heritage Foundation” guramasy we “Wall Street Journal” gazeti tarapyndan ykdysady erkinlik barada 2010-njy ýyl boýunça hasabat ýaýradyldy.

471 sahypadan ybarat 179 ýurdy öz içine alýan şol raportda ykdysady azatlygyň dürli ugurlaryna seredilip, Türkmenistan iň soňky 10 ýurduň arasyna goşulypdyr.

Eýse, munuň sebäbi näme? Bu barada Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir “Halkara Söwda we Ykdysady Merkeziniň” ýolbaşçysy hem ady agzalýan hasabatyň awtorlaryndan biri bolan ilçi Terry Miller bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň raportyňyzdaky “ykdysady erkinlik” nämäni aňladýar we dürli ýurtlara haýsy ölçeglere görä baha kesildi?


Terry Miller
Terry Miller:
“Ykdysady erkinlik” ýurtdaky maliýe düzgünler, kiçi biznes bilen meşgullanýan adamlar üçin ýola goýlan şertler, kanunyň häkimligi, emläk eýeçiligine we gol çekilen kontraktlara hormat goýmak ýaly esasy ölçegler göz öňünde tutulyp taýýarlanan dokumentdir.

Biz şeýle maglumatlary ýygnap, şoňa görä, “Ykdysady erkinlik” boýunça bütin dünýädäki ýurtlara baha berdik.

Azatlyk Radiosy: Dürli ýurtlara baha bermek üçin bu maglumatlary nireden aldyňyz?


Terry Miller: Biz “Dünýä Banky”, “Halkara Walýuta Fondy”, BMG-ä degişli käbir guramalary, şeýle-de hökümete degişli bolmadyk, emma halkara derejede ykrar edilen käbir beýleki toparlary, şol sanda “Transparency International” ýaly guramalaryň hasabatyny peýdalandyk.

Biz şol guramalardan çig maglumatlary alyp, ony soňra indeks görnüşindäki baha öwürdik. Şol baha 0-dan 100-e çenlidir. Ol ykdysady taýdan haýsy ýurduň näderejede erkindigini görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Geçen ýyl çap edilen hasabat bilen deňeşdirilende, haýsydyr bir ýurtda yza gaýdyşlyga hem gözüňiz ildimi, eger şeýle bolan bolsa bu hakda Merkezi Aziýa barada näme aýdyp biljek?

Terry Miller: Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar barada aýdylanda, şol ýurtlaryň köpüsi käbir esasy görkezijiler, şol sanda kanunuň rüstemligi, emläk eýeçiligi ýaly ugurlarda gowy baha alyp bilmediler. Korrupsiýadan azatlyk kategoriýasynda hem Merkezi Aziýada we Ýewropada ýerleşýän käbir ýurtlara berlen baha gaty pes boldy.

Ösüşiň bolmagyna päsgelçilikler barada gürrüň edilende, ýokarda agzalan şol iki kynçylyk esasy problema hökmünde göze ilýär.

Azatlyk Radiosy: Korrupsiýa barada gürrüň etdiňiz, şol ýurtlarda “Ykdysady erkinligiň” ornaşdyrylmagyna böwet bolup duran başga nähili sebäpler bar?

Terry Miller: Korrupsiýa şol böwetleriň iň esasylaryndan biridir, şeýle-de şol ýurtlar barada gürrüň edilende, meniň pikirimçe, iň uly problema kontraktlara, emläk eýýeçiligine hormat goýulmazlykdyr. Şol kynçylyklardan beýlekisi hem adamlaryň jaý almak hem şol jaylarynyň elinden alynmajagy baradaky kepilligiň bolmazlygydyr.

Raýatlaryň maýa goýup, gazanç etmegi we hökümetiň şol serişdeden bikanun ýollar arkaly gazanç etmäge synanyşmajagy barada hem olaryň ynamynyň ýokdugy esasy problema bolmaklygyna galýar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Miller, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy hökmünde biziň gepleşiklerimiz esasan Türkmenistana gönükdirilen. Şunlukda, eger mümkin bolsa ýokarda agzap geçen şol problemalarymyz we onuň sebäpleri barada Türkmenistandaky ýagdaýlary göz öňünde tutup, has dolurak maglumat beräýseňiz?

Terry Miller: Biziň hasabatymyzda Türkmenistan iň pes baha berlen ýurtlardan biridir. Türkmenistany biz Aziýa-Ýuwaş Okeanda ýerleşýän ýurtlaryň hataryna goşduk. Umumy sanawda ol 171-nji orunda dur, bu hem Türkmenistanyň ady agzalýan regionda iň soňky orunlarda duranlygyny aňladýar.

Meni alada goýýan zat, Türkmenistanda ykdysady erkinligiň barha çäklendirilmegi bolup durýar. Sebäbi maýa goýmak erkinligi barada yza gaýdyşlygyň bardygyna şaýat bolduk. Meniň pikirimçe, käbir goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň global ykdysady sistema integrasiýasy gaty pes boldy. Sebäbi häzirki döwürde diňe global ykdysady sistema utgaşan ýurtlar ösýärler.

Munuň üçin ýurtlar öz gapylaryny açmaly, beýleki ýurtlar bilen erkin söwda aragatnaşygyny ýola goýmaly we daşary ýurtlardan geljek maýa goýumlaryna öz ýurtlaryny açmaly.

Türkmenistan ýaly döwletlerde daşary ýurtly biznesmenler aşa syýasylaşdyrylan we korrumpirlenen sistema bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şonuň üçin daşary ýurtdan Türkmenistanda maýa goýmaga isleg bildirýan adamlaryň sany köp bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Siziň häzirki beýan eden faktlaryňyz göz oňünde tutulanda, Türkmenistanyň soňky döwürlerde gurmaga synanyşýan erkin ykdysady zonasynyň geljegi barada nämeler aýdyp bolar?


Terry Miller: Elbetde, nebit, gaz we beýleki ýerasty baýlyklar nukdaýnazaryndan Türkmenistan aşa baý ýurtlardan biridir. Munuň ýurt üçin peýdaly hem zyýanly taraplary bar. Emma, umuman aýdylanda, nebit we gaz önümçiliginden gelýän girdejileriň ählisiniň hökümetiň hasabyna girýän ýurtlarda şol serişde tutuş ilatyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýurdy ösdürmäge o diýen goşant goşanok.

Azatlyk Radiosy: Meniň soragym Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarynda gurmagy planlaşdyrýan “Erkin ykdysady zonasy” baradady. Ýurduň ykdysadyýeti şeýle ýapyk bolan halatynda bu proýektiň geljegi nukdaýnazaryndan nähili çaklama beýan edip bolar?


Terry Miller: Elbetde, mende şeýle sorag döreýär “Erkin ykdysady zona” baradaky teklip gowy ideýa. Bu dünýä bazaryna ýol açmaga belli bir derejede islegiň bardygyny aňladýar. Emma meniň soragym, bu zonanyň hiç bir toparyň tarapy tutulman adalatly ýagdaýda dolandyryljakdygyna ynam edip bolarmy?

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, bu işi nähili amala aşyryp bolar?


Terry Miller: Meniň pikirimçe, bu işi amala aşyrmak üçin ýurtda aşa aç-açanlyk bolmaly, şeýle-de Türkmenistan ýaly ýurduň syýasy sistemasyna öňden adaty bolmadyk açyklyk getirilmeli.

Meniň pikirimçe, olaryň hemme zady halk köpçüliginiň gözüniň öňünde amala aşyrmagy zerur. Ýagny, ýurda kim maýa goýýar we goýlan maýanyň möçberi näçeräk, salgyt we beýleki düzgünler boýunça hökümetiň edýän gazanjy näçeräk? Olaryň hemmesi aç-açan bolmaly.

Şeýle-de kontraktlaryň nähili we haýsy şertlerde berlenligi barada halkyň habary bolmaly. Aýtjak bolýan zadym, Türkmenistanda ykdysady taýdan erkin, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly standart we aç-açanlyk düzgüni ýola goýulmaly.

Azatlyk Rdiosy: Soňky döwürlerde Türkmenistan diňe Orsýet bilen däl, Hytaý we Eýran bilen hem ykdysady aragatnaşygyny artdyryp başlady. Şeýle gatnaşyklaryň ykdysady erkinlik nukdaýnazaryndan ýurduň ykdysadyýetiniň geljegine nähili täsir ýetirjekdigini çak edip bolar?

Terry Miller: Siziň adyny agzan bu ýurtlaryňyňyzyň ählisi-de biziň ykdysady erkinlik barada ýaýradan hasabatymyzda gowy baha eýe bolan ýurtlar däldir. Olardan hiç biri hem öz raýatlaryny doly derejede ykdysady erkinlik bilen üpjün etmeýär.

Haçanda haýsydyr bir ýurt şolar ýaly döwletler bilen aragatnaşygyny artdyrmak barada alada edip başlasa, boljak zat, şol ýurtlarda syýasy hem ykdysady taýdan diňe güýçli elitanyň pul gazanmak üçin öz aralarynda hyzmatdaşlyk etjekdigini çaklap bolar.

Bu şol ýurtlardan hiç birinde täze iş orunlaryny döretmek, şeýle-de ýurdy ösdürmek ýaly aladalara hiç hili goşant bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ykdysady erkinligiň bolmazlygynyň bir sebäbi bu ýurduň ykdysadyýeti erkin bolan beýleki ýurtlar bilen aragatnaşygynyň ýoklugynda diýdiňiz. Aşgabadyň beýleki ýurtlar bilen integrirlenmekden daşda durmagyna haýsydyr bir sebäp görýärsiňizmi?

Terry Miller: Ýok, meniň pikirimçe, ondan asla gorkmaly däl. Haçan-da bir ýurduň keseki döwletler bilen aragatnaşygy artanda, bu içerki önümçiligiň güýjüni we möçberini artdyrýar.

Şeýle ýagdaýda, elbetde, ýurduň içindäki biznesmenleriň daşary ýurtly biznesmenler bilen bäsdeşligi artar, emma munuň peýdaly tarapy, şeýle ýaryş hemmäni öz önümçiligini artdyrmaga mejbur edýär. Bu hem öz nobatynda girdejileriň artmagyna we halkyň durmuş ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam eder.
XS
SM
MD
LG