Sepleriň elýeterliligi

Eýranda iki sany nemes diplomaty tussag edildi


Şu gün Eýranyň mediýasy geçen aý bu ýurtda hökümete garşy gurnalan gozgalaňlara dahyllylykda güman bildirilip, iki sany nemes diplomatynyň tussag edilendigi barada maglumat ýaýratdy.

Eýranyň habar serişdeleri bu gozgalaňlarda Germaniýanyň diplomatlarynyň hem eli bar diýlip hasaplanylýandygyny habar berýärler.

Hususan-da, adynyň tutulmagyny islemedik bir razwedka resmisiniň sözlerine salgylanylyp ýaýradylan bu maglumatda, dekabrda geçirilen şaýylaryň Aşura matam çäresinde oppozisiýanyň tarapdarlary bilen howpsuzlyk güýçleriniň çaknyşmaklarynda Germaniýanyň diplomatlarynyň hem rol oýnandyklary aýdylýar.

Ýöne Eýranyň habar serişdeleriniň ýaýradan bu maglumatlaryna resmi Germaniýa häzirlikçe hiç hili reaksiýa bildirmedi.
XS
SM
MD
LG