Sepleriň elýeterliligi

Orsýetin parlamenti Ýewropa sudunyň reformirlenmeginiň tarapdary


Şu gün Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasy Ynsan Hukuklary boýunça Ýewropa suduny reformirlemek baradaky täze halkara protokolyny goldap ses berdi.

Hususan-da, Orsýetiň Federasiýa Geňeşi Ynsan Hukuklary baradaky Ýewropa Konwensiýasynyň 14-nji protokolyny ratifikasiýa etmeklige ses berdi.

Bu protokol bolsa, Ynsan Hukuklary baradaky Strasburg sudunyň işini täzeçe gurnamaklygy hem-de şikaýatlara garamak prosesini tizleşdirmekligi göz öňünde tutýar.

Orsýetiň parlamentiniň aşaky palatasy bu protokoly şu aýyň başlarynda tassyklapdy.
Orsýet bu protokoly ratifisirlän Ýewropa Geňeşine agza döwletlerden iň soňkusy boldy.
XS
SM
MD
LG