Sepleriň elýeterliligi

Orseýetde 2009-njy ýylda jynsparazçylyk zorlugynyň azalandygyny aýdylýar


Orsýetiň adam hukuklaryny goraýan topary ýurtda geçen ýyl jynparazçylyk zorlugynyň kemelendigini aýtdy.

Garaşsyz Sowa guramasy geçen ýyl jynsparazçylyk zorluklary sebäpli hüjümlerde 71 adamyň öldürilendigini, 2008-nji ýylda bu sanyň 110 bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de Sowa 2009-njy ýylda jynsparazçylyk äheňli hüjümlerde 333 adamyň ýaralanandygyny, bu sanyň öň 487 bolandygyny aýtdy.

Bu topar şeýle zorluk bilen bagly maglumatlary 2004-nji ýyldan bäri toplaýar we bu şol ýyldan bäri jynsparazçylyk zorluklarynyň ilkinji gezek kemelişidir.

Sowanyň başlygynyň orunbsary Galina Kožewnikowa entek Orsýetiň köp ýerinde başga milletleri halamazlygyň güýçlüdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG