Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Owganystandan çykmaly wagty bellemegiň ýalňyşdygyny aýdýar


German kansleri Angela Merkel nemes goşunlarynyň Owganystandan çykmaly anyk wagtyny bellemegiň ýalňyş bolmagynyň mümkindigini, sebäbi munuň Talybany hyjuwlandyrjagyny aýdýar.

Merkel Berlinde owgan prezidenti Hamit Karzaý bilen geçiren gepleşiklerinden soň guralan metbugat ýygnagynda çykyp gürledi.

Ol sişenbe güni Germaniýanyň Owganystana goşmaça 500 esger ibermegi palanlaşdyrýandygyny aýdypdy.

Şeýle-de Merkel Germaniýanyň Owganystana edýän ösüş kömeginiň gelýän üç ýylda iki esse köpeldilip, 430 million ýewro ýa-da 650 million dollara ýetiriljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG