Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aman galanlar ölüm lagerinden halas bolmagyň 65 ýyllygyny belleýär


Ikinji jahan urşunda hitlerçi faşistler tarapyndan basylyp alnan Polşada gurlan ölüm lageri Auşwis-Birknauda guralan dabara sirenanyň iňňildisi bilen başlandy.

Ölüm lagerinden aman sypanlar ol ýerde özleriniň halas edilmeginiň 65 ýyllygyny bellediler.

65 ýyl gowrak ozal bu ýerde 1.1 million adam ölüpdi we olaryň köpüsi ýewreýdi.

Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netenýahu we polýak ýolbaşçylary hem ýatlama dabaralaryna goşuldylar.

Auşwis ýa-da oswensim lageri Sowetleriň Gyzyl goşuny tarapyndan, 1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda azat edilipdi.
XS
SM
MD
LG