Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran Londanda geçýän owganystan maslahatyna gatnaşmaýar


Eýran metbugatynyň bir habarynda Eýranyň şu hepde Londonda geçýän Owganystan konferensiýasyna gatnaşmajagy aýdylýar.

Ýarym resmi Fars habarlar gullugy bu habary Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ramin Mehmanparasta salgylanyp ýaýratdy.

Sözçi Eýranyň «bu duşuşyga Owganystandaky harby hereketleri artdyrmaga ýykgyn edýänligi we bu sebitiň problemalary çözmek ukyby barada oýlanmaýanlygy üçin gatnaşmajagyny» aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG