Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde «Stalin» içgisi çykarylar


Orsýetiň metbugaty basym sowet diktatory Iosif Staliniň adyny göterýän içginiň peýda boljagyny habar berýär.

Stalin limonady indiki aý, Stalingrad söweşinde gazanylan ýeňşiň 67 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylar.

Içgi kompaniýasynyň başlygy Boris Izgarşew bu hili içgi öndürmekde hiç hili erbetlik görmeýändigini aýdýar.

1953-nji ýylda ölen Stalin sowet raýatlarynyň millionlarçasynyň ölümine sebäp bolupdy. Muňa garamazdan, orsýetlileriň köpüsi oňa faşistik Germaniýa garşy uruşdaky hyzmaty üçin hormat goýýar.
XS
SM
MD
LG