Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Eýranyň ýadro gapma-garşylygyna baky garaşyp bolmaz diýýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýran halkara jemgyýetçiligini öz ýadro programmasy babatdaky dawanyň çözülmegi üçin «baky» garaşdyryp bilmez diýdi.

Lawrow çarşenbe güni Londonda ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton bilen geçiren gepleşiklerinden soň Moskwanyň Eýrandan lapykeç bolandygyny, sebäbi onuň ýadro programmasy babatda gapma-garşylygy çözmek üçin dünýäniň alty döwleti tarapyndan hödürlenen tekliplere konstruktiw çemeleşmändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG