Sepleriň elýeterliligi

Medwedew bilen Obama ýaraglar barada «konstruktiw» gürrüň etdi


Kreml prezident Dmitriý Medwedew bilen onuň amerikan kärdeşi Barak Obamanyň ýadro ýaraglaryny azaltmak şertnamasy barada maslahat edendiklerini we bu dokumente basym gol çekilip bilinjegini aýtdy.

Kremliň resmi internet saýdynda ýazylmagyna görä, telefon söhbeti Waşingtonyň inisitiwasy bilen guralypdyr.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi golaýda iki tarapyň gepleşikçileri hem Strategiki ýaraglary azaltmak şertnamasynyň yzyny tutjak şertnama barada ylalaşjaga meňzeýär diýipdi.

Kremliň websaýty iki prezidentiň söhbetdeşliginiň «konstruktiw» ruhda bolandygyny ýazýar.
XS
SM
MD
LG