Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama halka ýüzlenmesinde Eýran, Yrak, Owganystan barada aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Eýran we Demirgazyk Koreýa ýadro ýaragyny edinmekçi bolsa barha artýan halkara izolýasiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolar diýýär.

Obama Waşingtonda, çarşenbe güni giçlik Kongresde eden ilkinji halka ýüzlenmesinde Eýran ýolbaşçylary ýadro meselesinde öz halkara borçlaryny äsgermezlik etseler, munuň barha güýçlenýän netijesi bilen ýüzbe-ýüz bolarlar diýdi.

Obama Owganystan meselesinde öňde agyr günleriň garaşýandygyny duýdurdy, ýöne ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň üstün çykjagyna ynamlydygyny aýtdy.

Şeýle-de Obama Yrakda urşuň soňlanýandygyny we amerikanyň soweş goşunlarynyň awgustyň ahyrynda ol ýerden çykmagy netijesinde ähli esgerleriň öýlerine dolanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG