Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama ABŞ-nyň ýagdaýy barada çykyş etdi


Prezident Obama halky ýurduň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyrmak üçin çarşenbe güni Kongresde çykyş etdi, 27-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.
Prezident Obama halky ýurduň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyrmak üçin çarşenbe güni Kongresde çykyş etdi, 27-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Prezident Obama halky ýurduň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyrmak üçin çarşenbe güni Kongresde eden çykyşynda özüniň Owganystanda urşuň soňunyň indi görnüp gelýändigine berk ynanýandygyny aýtdy.

“Biz Owganystandaky esgerlerimiziň sanyny artdyryp ýörüs. 2011-nji ýylyň iýulynda esgerlerimiz yzlaryna dolanyp, şondan soň howpsuzlygy Owgan güýçleriniň özleri üpjün eder ýaly, olary türgenleşdirmek işini güýçlendirdik. Biz ýurdy oňat dolandyranlary sylaglap, parahorlugy azaltmak ugrunda iş alyp bararys. Aýal-erkek diýmän, Owgan halkynyň hukugyny gorarys” diýip Obama nygtady.

Amerikan prezidenti bu wezipä gelmezden öň hem Yrak urşuna garşydy. Ol indi bu urşuň-da soňlanyp gelýändigini aýtdy: “Biz al-Kaýda garşy söweşe girmek bilen Yragy onuň öz halkyna tabşyryp gaýtmak jogapkärçiligini üstümize aldyk. Men kandidatkam bu urşy soňlamagy wada etdim. Indi prezidentkäm hem edýänim şu iş. Öňümizdäki awgust aýyna çenli ähli ýaragly güýçlerimizi Yrakdan çykararys. Geçirilýän saýlawlarda Yrak hökümetini goldarys. Regionda asudalygy, abadançylygy ösdürmek barada Yrak halky bilen hyzmatdaşlygy dowam etdireris”.

Obama ýüzlenmesinde ýaraglara kontrollyk barada Orsýet bilen barýan gepleşiklerde öňegidişligiň bolandygyna-da salgylandy. Ol bu gepleşikleriň we beýleki inisiatiwalaryň halkara derejesinde Amerikanyň abraýyny artdyrandygyny belledi: “Demirgazyk Koreýanyň barha üzňelige düşmeginiň, güýçli sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň sebäbi şol. Halkara arkalaşynyň birleşip, Eýran Yslam Respublikasynyň gitdigiçe çetleşdirilmeginiň sebäbi şol. Eýran ýolbaşçylary öz üstlerine alan borçnamalaryny äsgermezlik etseler, onuň netijelerini görerler”.

Amerikan Prezidentiniň çykyşynyň esasy bölegi Birlşen Ştatlaryň ykdysadyýeti barada boldy. Ykdysadyýetçileriň aglabasy “durgunlyk tehniki taýdan arka atyldy. Ýöne häzir ýeňmek başartman duran işsizlik meselesi” diýen pikirde.

Birleşen Ştatlarda işsizligiň derejesi 10 prosente ýetdi. Amerikanlaryň köpüsi: “Köp wagtyny ykdysadyýete däl-de, saglygy goraýyş sistemasyna, owgan, yrak urşuna sarp etdi” diýip, Obamany tankytlaýarlar.

“Pikir soralşyklaryň görkezişi ýaly, amerikanlaryň birinji aladasy ykdysadyýet. Halkyň arasynda prezident Obama ykdysadyýete ýeterlik wagt sarp etmedi diýen pikir bar. Şol sebäpden ol indi ünsüni ykdysadyýete gönükdirmek isleýär. Işsizlik häzirem 10 prosent. Iş orunlarynyň sany haýal artýar. Ydysadyýetiň dikelişi gowşak” diýip, Nýu Ýorkly, syýasy ylymlaryň professory Robert Spitzer tassyklaýar.
XS
SM
MD
LG