Sepleriň elýeterliligi

Londonda Owganystan maslahatlaşylýar


28-nji ýanwarda Londonda Owgansytandaky howpsuzlygy üpjin etmek we dikeldiş işleriniň alnyp barylyşy barada konferensiýa geçirilýär. Konferensiýa gatnaşýan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Habarlar Merkeziniň habarçysy Abubekir Syddyky bilen Türkmen gullugyndan Akmyrat Gürgenli söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Abubekir, London konfrensiýasynyň gün tertibinde haýsy meseleler bar?

Abubekir Syddyky: Konferensiýa, umuman, iki sany meselä has ähmiýet berýär. Olardan biri, geljek bäş ýylyň dowamynda ýurduň howpsuzlygyny öz eline almak barada Owganystanyň ylalaşyga gelmegi.

Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Brown geljek ýylyň ahyryna çenli Owganystanda gulluk etjek harbylaryň sanynyň artdyryljagyny açyk beýan etdi. Ýagny, harbylardan we polisiýa güýçlerinden ybarat 300 000 esgeriň bu ýurduň howpsuzlygyny gorajagyny we bu baradaky prosesiň bolsa dowam edýändigini mälim etdi.

Ikinji mesele, Owganystanyň prezidenti Karzaýyň milli ýaraşyk plany hakynda boldy. Karzaý öz çykyşynda hökümete garşy ýaragly söweş edýänler bilen gepleşik alyp barmalydygyny we ýaraglaryny tabşyryp, asuda durmuşa öwrülip gelmekleri üçin olar bilen gepleşikleriň eýýäm alnyp barylýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Halkara jemgyýetçiliginde owgan resmileriniň arasynda korrupsiýanyň giň gerim alandygy aýdylýar. Konferensiýada çykyş edenler bu meselä degip geçdilermi?

Abubekir Syddyky: Hawa, Gordon Brown we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun öz çykyşlarynda Owganystanda korrupsiýanyň çynlakaý bir meseledigini aýtdylar we korrupsiýa garşy Owganystanyň hökümetiniň berk göreş alyp barmalydygyny nygtadylar.

Prezident Karzaý öz çykyşynda hökümetiniň korrupsiýa garşy berk göreş alyp barmaga borçludygyny hem-de döwletden özbaşdak korrupsiýa we parahorlyga garşy garaşsyz bir edaranyň esaslandyrylangyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy: Londondaky Konferensiýa başga haýsy ýurtlardan, nähili resmiler gatnaşdylar?

Abubekir Syddyky: NATO ýaranlygynyň Baş sekretary Rasmusen, Pakistanyň Daşary işler ministri, Orta Aziýa döwletlerinden Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan resmiler gatnaşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan haýsy derejedäki resmi gatnaşýar?

Abubekir Syddyky: Bize berlen sanawda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň gatnaşýandygy görkezilýär. Ýöne onuň çykyş edip-etmejegi anyk däl.
XS
SM
MD
LG