Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň parlamenti içeri işler ministrini wezipesinden boşatdy


Ukrainanyň parlamenti prezidentlik wezipesine kandidat Ýuliýa Timaşenkonyň ýakyn ýarany bolan içeri işler ministrini şu gün wezipesinden çetleşdirdi.

Ýuri Lutsenkony işinden boşatmak baradaky bu teklip Wiktor Ýanukowiçiň “Regionalar Partiýasy” tarapyndan öňe sürüldi.

Ýanukowiç 7-njy fewralda geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Timaşenko bilen bäsleşer.

450 agzadan ybarat parlamentde bu teklibi 231 deputat goldap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG