Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda iki protestçi dardan asylyp öldürildi


Eýran mediasynyň maglumatyna görä, bu ýurtda iýun aýynda geçirilen saýlawlardan soňra başlanan protestlere gatnaşan iki adam dardan asylyp öldürildi.

Bu iki adam Eýranda Ýslam hökümetini agdarmaga synanyşmak, ýaragly toparlara agza bolmak we Hudaýa garşy göreşmek ýaly günälerde aýyplanýan jemi 11 adamdan ikisidir.

Bu çäre şol saýlawlar bilen bagly ýüze çykan wakalar boýunça adamlaryň dardan asylyp öldürülmegi bilen bagly amala aşyrylan ilkinji çäredir.

Iýun aýynda bolan saýlawlardan soňra başlanan dartgynlylyk 1979-njy ýylda amala aşyrylan Yslam rewolýusiýasyndan soňra ýurduň içinde bolan iň uly şeýle bulagaýçylykdyr.

Oppozision toparlar Ahmedinajadyň ýeňiş gazananlygy yglan edilen şol ses berişlikde aşa galplyklara ýol berlenligini aýdýarlar.

Şol waka bilen bagly protest gurnan adamlardan 100 töweregi tussag edilip häzir suda çekilýär.
XS
SM
MD
LG