Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda Hytaýa ýer beriljekdigi barada gürrüň ýaýradanlar suda çekiler


Hytaýa oba hojalyk maksatlary bilen ýer beriljekdigi baradaky habar boýunça gürrüň ýaýradýan islendik adamyň suda çekiljekdigini Gazagystanyň hökümet ýolbaşçylarynyň aýdanlygyny Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy habar berdi.

Gazagystanyň prokuraturasy tarapyndan ýaýradylan beýanatda, bu mesele hakda gürrüň ýaýradýan adamlaryň bu ýurduň kanunlaryna laýyklykda suda çekiljekdigi habar berilýär.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew “Daşary Ýurtly Maýa Goýujylar Geňeşiniň” dekabr aýynda geçirilen sessiýasynda Hytaýyň Gazagystandan oba hojalyk maksady bilen 1 million gektar ýeri kärendesine almaga isleg bildirenligini aýdypdy.

Nazarbaýew tarapyndan öňe sürlen bu pikiri Gazagystandky oppozision partiýalary, şeýle-de milletçi toparlar protest edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG